Garaşsyzlykda taplanan zehinler

25 Aprel 2021
2029

Medeniýetiň, sungatyň jadyly güýji ynsan ruhuna täsir edip, onuň ajaýyp Watanymyzy beýgeltmekde, ösdürmekde ornunyň näderejede beýikdigini ýene bir ýola nygtaýar. Ynsan kalby gözellige teşne. Şonuň üçin ynsan kalby hemişe gözelligiň gözleginde.

2021-nji ýyl halkymyz üçin şanly hem taryhy wakalara baý ýyllaryň biridir. Bu ýylda türkmen halky üçin iň bir mukaddes baýramlaryň biri bolan baş baýramymyzyň, ýagny Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň, göwünlerimiziň serweri, Aziýanyň merjeni diýip at alan gözel şäherimiz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilip geçilmegi, şeýle hem dünýä edebiýatynyň şamçyragy, söz äleminiň ussady Magtymguly Pyragynyň 2024-nji ýylda geçiriljek 300 ýyllygyna görülýän taýýarlyklar ýaly ajaýyp baýramçylyk duýgulara beslenmegi her bir döredijilik işgäriniň kalbyny soňsuz söýgi, ýazyp beýan edip bolmajak buýsanç duýgularyna besledi. Biz hem žurnalymyzyň şu sanynda ýurdumyzda belli sungat işgärleri bilen şular dogrusynda söhbetdeş bolmagy makul bildik.

Söhbetdeşligi taýýarlan: Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».