Goşa toýuň şowhuny

22 Aprel 2021
964

Gökdepe etrabynyň çägindäki Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda geçirilen baýramçylyk dabarasy oňa gatnaşyjylaryň ählisi üçin göwün göteriji boldy. Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli bolan dabarany welaýat häkimligi, welaýatyň Medeniýet müdirligi we jemgyýetçilik guramalary bilelikde gurady.

Behişdi bedewlerimiziň hormatyna dikeldilen ýadygärligiň ýanynda ýaýbaňlandyrylan dabara goşa senäniň toý şowhunyny belende göterdi. Bu ýerde welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk çykyşlaryna uly orun berildi. Milletimiziň milli gymmatlyklary bolan ahalteke bedewlerimiziň we türkmen alabaý itiniň waspy sungat çykyşlarynyň özenini düzdi. Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň behişdi bedewleriniň we alabaýlarynyň tohumçylyk işiniň kämilleşdirilmegi, sanynyň köpeldilmegi ýurdumyzda atşynaslygyň we itşynaslygyň ýokary hünär derejesindäki döwrebap düzüminiň döredilmegi ugrunda edýän taýsyz tagallalary baýramçylyk çykyşlarynda öz waspyny tapdy.

Aýjahan MÜLKIÝEWA,
«Ahal durmuşy». SURATLARDA: dabaradan pursatlar. Surata düşüren Begençmyrat ATAÝEW.