Buýsanja beslenýän beýik işler

22 Aprel 2021
798

Türkmen halkynyň döwletli ojagyny bedew atsyz, alabaý itsiz, halysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Eýesine wepaly, ýelden ýüwrük, gözelligiň nusgasyna öwrülen, ynsanyň ýakyn syrdaşy hasaplanylan dal bedewler we alabaý itler halkymyzyň guwanjy. Uzak asyrlaryň dowamynda halkymyz bu behişdi jandara örän aýawly seredip, onuň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns berip gelipdirler. Paýhasly pederlerimiziň bu ugurda çeken ýadawsyz zähmeti netijesinde miras galan gadymy türkmen seýisçilik sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär. Mähriban halkymyzyň bu seýisçilik sungaty häzirki wagtda döwrüň öňdebaryjy usullary bilen utgaşdyrylyp, ussat atşynaslarymyz we itşynaslarymyz tarapyndan dowam etdirilýär.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň hem-de gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň toýlanylýan günlerinde agzybir halkymyzyň watançylyk ruhy belende göterilýär. Munuň özi gadymy hem müdimi türkmen topragyna öwüşgin çaýýar. Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde uly dabara bilen bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy bu ýyl Türkmen alabaýynyň baýramy bilen bir günde belleniler.

«Mugallymlar gazeti».