Bagtyýarlyk döwrümize buýsanýarys

21 Aprel 2021
1172

Hormatly Prezidentimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda: «Ýurdumyzyň çägindäki gadymyýetde gülläp ösen obalaryň, şäherleriň suw üpjünçiliginiň taryhyny içgin öwrenmek gerek. Bu iş bize durmuş hakykatyny ýüze çykarmak, öwrenmek üçin gerek. Obadaş, ildeş diýen düşünjeleri aňlatmak üçin «Bir ýabyň suwuny içen» diýilmegi hem şol durmuş hakykatyny şöhlelendirýär» diýip belleýär. Biziň Garaaýman obamyzyň töweregindäki bol suwly guýular hem bu ýerde oturymly ýaşaýşyň esasy sebäbi bolupdyr. Ol guýular ygalsyz, gurak gelen ýyllarda-da 15-20 sürini we obanyň düýeleridir beýleki mallaryny suw bilen üpjün edip bilýär. Garagum çölüniň selin- -sazakly, dürli ot-çöpli gum depeleri, bol ösümlikli giň sähralyk, gyrlar, öri meýdanlary ýylyň dürli pasyllarynda hem mallary bakmaga amatlydyr.

Obamyz etrap merkezinden, şäherlerden uzakda ýerleşýändigine garamazdan, elektrik togy, tebigy gaz bilen doly üpjün edildi. Oba ilatyna şäher durmuşynda ýaly ýaşamak üçin giň mümkinçilikler döredildi. Aragatnaşyk we internet ulgamlaryndan peýdalanmaga şertler bar. «Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany» ýylynda obamyzyň çagalary durky täzelenen mekdep binasyna okuwa gatnap başladylar.

Öwezgeldi SEÝITNIÝAZOW,
Türkmenbaşy etrabynyň Garaaýman obasyndaky 13-nji şahamça mekdebiň mugallymy.