Arkadagyň bagt şäheri — Aşgabat

21 Aprel 2021
902

Aziýanyň merjen şäherine öwrülen paýtagtymyz baradaky buýsançly söhbede soňlanma ýok. Bu günki gün gözel şäherimiziň ajaýyp keşbine diňe bir türkmen halky däl, eýsem, tutuş dünýä guwanýar. Şu ýyl 140 ýyllygy bellenilýän gözel şäherde raýatlarymyz üçin ähli amatlyklar döredilip, bu ýere gelýän myhmanlara, syýahatçylardyr syýasatçylara ýakymly täsirleri bagyşlaýan täsinlikler näçe diýseň bar.

Bagtyýarlyk döwrümiziň ýyllary içinde ak şäherimiz Aşgabatda hil taýdan dünýä ülňülerine doly laýyk gelýän, ähli amatlyklary özünde jemleýän döwrebap ýaşaýyş jaýlarydyr önümçilik, medeni-durmuş maksatly binalaryň, häzirki zaman desgalaryň gurlup, halkymyzyň hyzmatyna berilmegi «Aşgabat täze taryhy eýýamyň aýdyň nyşanyna, ýurdumyzyň ýagty geljeginiň we onuň döredijiliginiň, rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly ädiminiň beýanyna öwrülmelidir» diýip nygtaýan döwlet Baştutanymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan döwlet syýasatynda mynasyp orun alan paýtagt şäherimizi ösdürmek, dünýä derejesinde iň gözel hem-de nusgalyk şäherleriň birine öwürmek baradaky aladasynyň ýerine düşýändigini görkezýär.

Agagül MYRADOWA,
Balkanabat şäherindäki 43-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri.