«Gara altynly» guýular

21 Aprel 2021
816

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary welaýatymyzyň çägindäki baýlyklar känlerinde gözleg-gazuw işlerini ýokary depginlerde alyp barýarlar. Trest boýunça «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň birinji çärýeginde 36 müň 800 metrden gowrak çuňluk gazylyp, göz öňünde tutulan meýilnama 190 göterim ýerine ýetirildi. Bu döwürde ulanyşa berlen guýularyň sany 6-a ýetdi.

Kämil burawlaýyş enjamlarydyr desgalar bilen üpjün edilen Goturdepe buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary çuňluk gazmak baradaky göz öňünde tutulan meýilnamany 115 göterim ýerine ýetirip, ýakynda Demirgazyk Goturdepe känindäki 318-nji guýyny ulanyşa berdiler. Şu ýylyň geçen döwri üçin göz öňünde tutulan meýilnamadan daşgary 6 müň 451 metr gözleg-gazuw işlerini köp ýerine ýetiren Ekerem buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary bolsa şol baýlyklar känindäki 362-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawlaýjylary şu ýylyň birinji çärýeginde 7 müň 94 metr ýerasty çuňluk geçip, meýilnamany 178 göterim ýerine ýetirdiler. Ýakynda burawlaýjylar Barsagelmez känindäki 316-njy guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu guýudan «gara altynyň» senagat akymy alyndy. Guýy tehniki-sazlaýyş işlerinden soň, «Nebitdagnebit» nebitgaz çykaryş müdirligine ulanyşa berildi. 

Muhammetgylyç TAGANGYLYJOW,
«Balkan».