Watanymyzyň okgunly ösüşiniň nyşany

21 Aprel 2021
782

Mälim bolşy ýaly, Aşgabat şäheriniň çäklerinde amala aşyrylýan möhüm düzümleýin taslamalar, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, paýtagtymyzda toplumlaýyn durmuş-ykdysady özgertmeleriň amala aşyrylyşy bilen baglanyşykly meseleler hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň hemişe üns merkezinde durýar. Giň gerimli taslamalar işlenilip taýýarlanylanda, geljekki desgalaryň bezegine we ekologiýa häsiýetnamalaryna, olaryň enjamlaşdyrylyşyna, şol sanda sanly tehnologiýalar bilen üpjünçiligine we ilkinji nobatda, adamlaryň durmuşy üçin oňaýly şertleriň döredilmegine aýratyn ähmiýet berilýär.

Döwlet Baştutanymyzyň täzeçil ýörelgeleri ugur edinýän başlangyçlarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde paýtagtymyz sazlaşykly ösüş ýoluna düşdi hem-de öz çäklerini yzygiderli giňeldýär. Şeýle hem, ak mermerli Aşgabat dünýäniň owadan we ýaşamak üçin has amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyryp, sebitara we halkara hyzmatdaşlygynyň ykrar edilen merkezine öwrüldi. Her ýylda ýurdumyzyň baş şäherinde täze özboluşly binalary we desgalary özünde jemleýän ajaýyp binagärlik toplumlary kemala gelýär. Şolar ýurdumyzyň täze taryhy eýýamynyň okgunly ösüşini has aýdyňlygy bilen görkezýär.

Öwezmyrat RAHYMOW.