Özgertmeleriň mekany

21 Aprel 2021
1029

Aşgabadyň Aziýanyň merjen şäherine deňelmegi ýöne ýerden däl. Çünki Günüň tylla nuruna lowurdap şugla saçýan ak mermerli binalar şuglazarlygy bilen görenleri haýrana goýýar. Hut şonuň üçin-de, «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň giňden bellenilmeginiň meýilleşdirilmegi hem aýratyn guwandyryjy wakadyr. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Häzirki döwürde Aşgabat dünýäniň durnukly ösýän şäherleriniň birine öwrüldi. Aşgabady ösdürmegiň we abadanlaşdyrmagyň baş meýilnamasyna laýyklykda, geçen sanlyja ýyllarda paýtagtymyz biziň gözümiziň alnynda täsin hem-de owadan binalaryň hatary bilen öz çäklerini has-da giňeltdi. Şol belent ymaratlar baş şäherimiziň görküni has-da artdyrdy we türkmen paýtagty ak mermerli binalaryň has köp jemlenen şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi».

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda gurulýan önümçilik kärhanalary, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, ýokary amatlykly ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýedir. Aşgabadyň ak guw ýaly hatarlanyşyp duran mermer binalaryny saba säher bilen synlanyňda, seriňe ýakymly oýlanmalar dolýar. Bu gözel ymaratlar şu döwrüň — bagtyýarlyk döwrüniň, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň aňrybaş derejede gowulanyp, elleriniň uzadan ýerine ýetip, toýlar içre ýaşaýan zamanynyň taryhy keşbi ahbetin. Täze ulanmaga berilýän giň şaýollar, ýerasty we ýerüsti köprülerdir geçelgeler, çatryklary bezäp duran çuň mazmunly heýkeller, bir günde açylyp ulanmaga berilýän kaşaň edara binalary, baýramçylyklarda we şanly senelerde körpelere sowgat edilýän çagalar baglarydyr orta mekdepler baş şäherimiziň mundan beýläkki ösüşlerine kuwwatly itergi berýär. Ýollaryň çatrygynda «Erkinlik», «Dowamat», «Bagtyýarlyk», «Şahyr»... ýaly heýkelleri, «Mahabat» binalary gurmak, üsti gümmezli desgalaryň giden bir sazlaşygyny emele getirmek üçin köp zehin siňdirilýär.

Bägül MÄMMETMYRADOWA,
Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň Usulyýet işleri bölüminiň esasy usulyýetçisi.