Milli gymmatlyklarymyzy sarpalap

21 Aprel 2021
1311

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergi zalynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň, zergärleriň, halyçylaryň, neşirýat işgärleriniň, fotosuratçylaryň, dizaýnerleriň, teleoperatorlaryň arasynda ahalteke bedewiniň, türkmen alabaýynyň gözelliginiň şekillendiriş we amaly haşam sungatynda, neşir önümlerinde, fotosuratlarda we teleýaýlymlarda çeper beýan etmek boýunça yglan edilen bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi hem-de oňa hödürlenen işleriň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Döredijilik eserlerinde köpöwüşginli suratlandyrylan ahalteke bedewi we türkmen alabaýy, ajaýyp türkmen tebigaty milli toý dabaralary bilen sazlaşykly şekillendirilipdir. Bu bolsa olaryň sungat derejesindäki gymmatlygyny has-da artdyryp, döredijilik işiniň kämil çykmagyna şert döredýär. Indi her ýyl geçirilmegi asylly däbe öwrülen bu bäsleşigiň döredijilik bilen meşgullanýan ussat suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň işjeňligini artdyrmagyndaky, ýaş zehinleriň ýüze çykarylmagyndaky ähmiýeti diýseň uludyr. Sergide täsin şaý-sepleriň, halylaryň, keramika önümleriniň giň toplumy tomaşaçylara görkezildi. Halkymyzyň milli gymmatlyklarynyň ählisiniň bir bitewi sazlaşygy emele getirmegi sergä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Elbetde, şeýle gymmatly sungat eserleriniň döredilmeginiň gözbaşynda sungatyň dürli ugurlarynyň ussatlaryna, döredijilik adamlaryna giň gerimli mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary, durmuşa geçirýän beýik işleri dur.

Ýörite habarçymyz.