Baýramçylyk joşguny

21 Aprel 2021
1317

Golaýda paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän «Ýanardag» heýkeliniň öňündäki meýdançada Türkmen bedewiniň milli baýramy we Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli aýdym-sazly dabara geçirildi. Onda ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň, bagşy-sazandalarynyň ýerine ýetirmeklerinde belentden ýaňlanan Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan beýik işlerini, behişdi bedewlerimizi wasp edýän aýdym-sazlar, edebi çeper kompozisiýalar bu ýere ýygnananlarda ýakymly täsirleri galdyrdy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda ahalteke atlarynyň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, asyrlaryň dowamynda kämilleşip, sungat derejesine ýeten seýisçilik ýörelgelerini düýpli öwrenmekde, gorap saklamakda we baýlaşdyrmakda bimöçber işler amala aşyryldy. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň we Türkmen alabaýynyň baýramynyň öňýanynda paýtagtymyzyň «Oguzkent» myhmanhanasynda geçirilen Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň XI mejlisi hem umumadamzat gymmatlyklarynyň genji-hazynasyna öwrülen ahalteke bedewlerimiziň şan-şöhratyny wagyz etmekde, ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan wakalaryň biri boldy.

«Aşgabat».