Belentden ýaňlanan owazlar

21 Aprel 2021
1018

Şu günler Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda we paýtagtymyz Aşgabatda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli medeni çäreler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar. Ýakynda paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen şöhratly Polatlynyň heýkeliniň öňündäki meýdançada hem «Toýlar toýa ulaşýar bedew batly Watanda!» atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň guramagynda geçirilen çärede ýurdumyzyň ýaş zehinlerinden düzülen aýdym-saz toparlary behişdi bedewlerimize bagyşlanan aýdymlary, gadymy türkmen halk sazlaryny, şeýle hem edebi-sazly kompozisiýalary ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. Şeýle medeni çäreleriň ýaş nesilleriň milli gymmatlyklarymyz bilen içgin tanyşmagyna, öwrenmegine giň mümkinçilikleri döredýändigini hem aýratyn bellemek gerek.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Şekillendiriş sungaty muzeýiniň hem-de Aşgabat şäher Medeniýet müdirliginiň çagalar çeperçilik mekdepleriniň nakgaşçylyk eserleriniň sergileri guraldy. Eserlerde mähriban halkymyzyň milli gymmatlygy, toýlarynyň ýaraşygy bolan ahalteke bedewleriniň çeper keşpleriniň köpöwüşginli suratlandyrylmagy olary synlan myhmanlarda ýakymly täsirleri galdyrdy. Dabaranyň dowamynda halkymyzyň ruhy we medeni gymmatlyklarynyň şan-şöhratyny äleme ýaýmakda taýsyz tagallalary edýän milli Liderimiziň janynyň sag, başynyň dik, alyp barýan belent maksatlarynyň hemişe rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi.

Oguljennet PAŞYKOWA,
«Aşgabat».