Asylly ýörelgeleriň aýdyň beýany

21 Aprel 2021
1215

Dosty dogan saýyp, ähli halklar bilen hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmak türkmeniň süňňüne siňen asylly ýörelgeleriň biridir. Ata-babalarymyzyň nusgalyk ýörelgelerini baýdak edinen Garaşsyz Türkmenistan özygtyýarly ösüş ýoluna düşen ilkinji gününden bäri dünýäniň çar ýanyndaky döwletler bilen ygtybarly hyzmatdaşlygy, dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge uly ähmiýet berýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda şu ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzyň hoşniýetli gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini aýdyň görkezýär.

Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynyň «Dostluk — asylly ýörelge» diýen bölüminde hem dost-doganlyk gatnaşyklary barada gymmatly maglumatlardyr gyzykly tymsallaryň ençemesi beýan edilýär. Şolaryň arasynda Köýtendag sebitlerindäki Abdyllahan galanyň gurluşygy baradaky rowaýat aýratyn ünsüňi çekýär. Rowaýata görä, Abdyllahan ýaş wagtynda onuň kakasy: «Oglum, raýatlaryň arasyna gidip, özüňize rabat guruň. Rabat hemmä gerek» diýip nesihat edýär. Abdyllahan hem ýurt gezip, baran ýerinde birnäçe galalary gurdurýar. Emma Köýten galasy gurlanda, gurluşykçylar onuň badyny gaýtarmak üçin galanyň ýerzemininde şemal geçer ýaly, iki sany yş goýupdyrlar. Yşyň agzynda uly küýze ýerleşdirip, güňleç ses çykar ýaly edipdirler. Gala gurlup gutarylanda, Abdyllahan ony görmäge gelipdir. Ol gala girende, güňleç bir ses çykýarmyş. Abdyllahan bu syrly wakany kakasyna gürrüň berende, kakasy oňa:

Akmuhammet KURBANOW,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köýtendag etrap birleşmesiniň başlygy.