Döredijilik duşuşygy

21 Aprel 2021
1055

Halypa-şägirtlik gatnaşyklary hünär kämilligini gazanmagyň esasy şertleriniň biridir. Halkymyz islendik kesp-käriň inçe syrlarynyň özleşdirilip, onuň täze derejä çykarylmagy üçin halypa bilen şägirdiň arasyndaky ysnyşykly gatnaşygyň möhümdigini tassyklaýan köp sanly paýhasly pentleri hem-de ertekilerdir rowaýatlary döredipdir. Bu günki gün hem şeýle gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berlip, ýörite meýilnama esasynda halypa ýazyjy-şahyrlar bilen ýaşlaryň arasynda döredijilik duşuşyklary yzygiderli guralýar.

Düýn paýtagtymyzdaky Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekanynda «Halkymyzyň milli gymmatlyklary — ylham çeşmesi» diýen at bilen döredijilik duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda, halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala getiren milli gymmatlyklarynyň öwrenilişine, ösdürilişine we bütin dünýäde wagyz edilişine bagyşlanan döredijilik duşuşygyna halypa şahyrlar, ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallaryň wekilleri we ýaşlar gatnaşdylar. Halypalaryň köpýyllyk iş tejribesiniň, hususan-da, ýurdumyzyň dürli künjeklerine we daşary ýurtlara bolan iş saparlarynyňdyr syýahatlarynyň dowamynda göz ýetiren durmuş hakykatlarynyň esasynda ildeşlerimiz hem-de daşary ýurtlular tarapyndan türkmen halkynyň medeni mirasyna, maddy we ruhy gymmatlyklaryna goýulýan belent sarpany tassyklaýan çykyşlar täsirliligi bilen tapawutlandy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda eşretli zamanamyzy wasp edýän ajaýyp goşgular olaryň üstüni ýetirdi.

Ýörite habarçymyz.