Aşgabat — berkarar döwletiň nurana keşbi

21 Aprel 2021
1100

Ýurdumyzyň gözel paýtagty Aşgabat hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň netijesinde uly ösüşlere eýe bolýar. Paýtagtymyz günsaýyn gözelleşip, dünýäniň ajaýyp şäherleriniň hatarynda orun eýeleýär. Paýtagt — ýurduň tuwagy, onuň gürsüldäp urýan ýüregi. 1881-nji ýylda esaslandyrylan Aşgabat şäheri 140 ýylyň dowamynda düýpli özgertmeleri başdan geçirdi. Gözel paýtagtymyzda amala aşyrylýan döwrebap özgertmeleri, giň gerimli işleri ýaýbaňlandyrmak, sebit we dünýä derejesinde Aşgabat şäheriniň halkara abraýyny has-da belende galdyrmak maksady bilen, 2013-nji ýylyň 25-nji maýynda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen, Aşgabat şäheriniň güni döredildi. Ýurdumyzyň ýüregi saýylýan Aşgabat we onuň ençeme binagärlik toplumlary Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizildi. Paýtagtymyzda gurlup, ulanylmaga berilýän dürli maksatly desgalar, ýaşaýyş jaýlary, binalary, seýilgähleri, milli görnüşli suw çüwdürimleri onuň gözelligini goşalandyrýar. Häzirki zaman innowasiýalar ýurdumyzyň ähli ugurlarynda — inžener-tehniki we hojalyk desgalaryndan başlap, durmuş-ykdysady, bilim hem-de medeni ulgamlarynda ulanylýar.

Halkara hyzmatdaşlygy nukdaýnazaryndan Aşgabat myhmansöýerligiň, parahatçylygy döredijiligiň, ygtybarly hyzmatdaşlygyň, ynsanperwerligiň mekanydyr. Ýurdumyzyň paýtagtynda ykbal çözüji kararlar kabul edilýär, jemgyýetçilik-syýasy ähmiýetli möhüm wakalar bolup geçýär. Amala aşyrylýan giň gerimli işler syýasy, durmuş-ykdysady, medeni, ylym, bilim merkezi hökmünde Aşgabat şäheriniň ähmiýetini has-da ýokarlandyrýar. Paýtagtymyzda dünýäniň ençeme döwletleriniň diplomatik wekilhanalary, halkara guramalarynyň edara binalary ýerleşýär, halkara derejeli forumlar, maslahatlar, duşuşyklar yzygiderli geçirilýär. Bu ýerde Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýymyza esaslanýan döwlet syýasatyna berlen ýokary bahadyr.

Jennet ÖWEKOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.