Behişdi bedewleriň bäsleşikleri

21 Aprel 2021
950

Halkymyzyň uçar ganatyna deňelýän behişdi bedewlerimiziň milli baýramy mynasybetli her ýylda at çapyşyklaryny, atly sport ýaryşlaryny we gözellik bäsleşiklerini geçirmek asylly däbe öwrüldi. 19-njy aprelde Aşgabat atçylyk sport toplumynyň açyk manežinde atly sportuň konkur görnüşi boýunça bäsleşik geçirilip, onuň nobatdaky tapgyrynda türgenleriň 14-si öz bedewleri bilen çykyş etdiler.

Bäsleşigiň geçirilen ýerinde atly sportuň muşdaklarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem ýokary okuw mekdepleriň we talyp ýaşlarynyň gatnaşmagynda geçirilen dabaralar täsirliligi bilen tapawutlandy. Tomaşaçylarda uly gyzyklanma döreden bäsleşigiň birinji tapgyrynda bedewler 1,10 metr beýiklikdäki päsgelçilikleriň 12-sinden böküp geçmek boýunça bäsleşdiler. Ikinji tapgyrda bedewleriň 10-sy 1,20 metr beýiklikdäki päsgelçiliklerden bökmek boýunça bäsleşdi. Çekeleşikli geçen üçünji tapgyra gatnaşan bedewler 1,30 metr beýiklikde kesgitlenen päsgelçilikleriň 8-sinden geçip, onuň netijesinde Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky 7-nji orta mekdebiniň 10-njy synp okuwçysy Ýazgeldi Garajaýew Altynhan atly bedewi bilen birinji orny eýelemegi başardy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Seýitymam Seýidow Akgala atly bedewi bilen ikinji, Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň türgeni Annadurdy Ballyýew Galkynyş atly bedewi bilen üçünji orna mynasyp boldy.

«Watan».