Täzelikler

21 Aprel 2021
917

Şu günler welaýatymyzyň ýaşyl maýsaly meýdanlarynda bugdaýa sümmül suwuny tutmaga girişildi. Sümmül suwy ekine berilýän iň soňky suwdur. Şondan soň bugdaý däneläp, hasyla durýar.
Pederlerimizden gelýän daýhançylyk däplerine eýerip, welaýatymyzyň babadaýhanlary sümmül suwuny bellenilen kadalara laýyklykda tutýarlar. Şunda ekiniň boýuna we geljekki hasyla zeper ýetirilmezligine aýratyn üns berilýär. Welaýatymyzyň günorta etraplarynda suw tutmak işlerine has ir badalga berildi.
Ýeri gelende aýtsak, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30-njy ýylynda 130 müň gektar meýdanda guşgursak bugdaýyň bol hasyly ýetişip gelýär. Lebaply daýhanlar Watan harmanyna 310 müň tonnadan gowrak galla tabşyrmagy meýilleşdirýärler.
* * *

Farap etrabynyň çägindäki Türkmen alabaý itleriniň tohumçylyk merkeziniň gurluşygy doly tamamlanyp, onuň binalar toplumy açylyp, ulanylmaga bermek üçin taýýar edildi.
Gurluşygy «Bary» hojalyk jemgyýeti tarapyndan alnyp barlan merkeziň binalary 1 gektar meýdanda ýerleşýär. Ol türkmen alabaýlarynyň 70-sine niýetlenilendir.