Göz-guwanjymyz —— Garaşsyzlyk

21 Aprel 2021
757

Halkymyzyň guwanarlyk, buýsanarlyk şöhratly taryhy bar. Dürli hanlyklary, beglikleri döreden merdana pederlerimiz kuwwatly we güýçli döwletleriň hem onlarçasyny gurmagy başarypdyrlar. Emma özbaşdak döwleti gurmak ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuwy bolupdyr. 30 ýyl mundan ozal biz milletimiziň şol arzuwlan bagtynyň eýesi bolduk, ýagny, 1991-nji ýylyň güýzünde türkmeniň yhlasy myrat tapdy. Şol günden bäri agzybir türkmen halky özbaşdaklygyň, garaşsyzlygyň ajaýyp howasyndan dem alyp başlady. Bu bolsa döwlet bilen birlikde millet üçin hem bagtyýar durmuşyň başlanandygyny bütin äleme äşgär edip ugrady. Şol günden başlap, Türkmenistan garaşsyz ösüşiň we özgerişiň ähli mümkinçiliklerini we şertlerini yzygiderli durmuşa geçirmäge üstünlikli girişdi.

Ynha, indi ýurdumyzyň ymykly ösüş ýoluna düşenine 30 ýyl bolýar. Taryh üçinem, özüňi dünýäde ykrar etdirmek üçinem örän gysga bolan bu sanlyja ýylyň içinde döwletimiz dünýä jemgyýetçiliginde öz mynasyp ornuny eýeledi. Türkmenistan özüniň saýlap alan ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine tarap ynamly gadam urup, ilat üçin durmuşyň ähli ulgamlarynda öňegidişlige we täzeçillige giň ýol açdy. Ähli işleriň özeninde bolsa halkyň bähbidi goýuldy. Halk bähbidini ileri tutan milli Liderimiziň ähli başlangyçlary-da, tagallalary-da rowaç alyp, türkmen halkyna bagtam, bagtyýarlygam, bolelinligem gülüp bakdy. Çünki bularyň ählisiniň gözbaşynda halkyň, il-günüň parahatçylygyny, bagtyýar durmuşyny üpjün etmek wezipesi goýuldy. Döwlet tarapyndan maşgalalaryň hal-ýagdaýynyň gowulandyrylmagy üçin berilýän goldaw-hemaýatlar, döredilýän aňrybaş mümkinçilikler ýurdumyzyň her bir raýatynyň erkana, parahat durmuşynyň üpjün edilýändiginiň kepili bolmak bilen, olary bagtyýar geljegiň hatyrasyna hyjuwly zähmet çekmäge, Watanymyzyň ösüşlerine saldamly goşant goşmaga ruhlandyrýar. Çünki Watan biziň belent mertebämiz we şan-şöhratymyzdyr. Watanyň geljegi üçin aladalanmak biziň hemmämiziň mukaddes borjumyzdyr.

Toýmurat SEÝILHANOW,
welaýat döwlet notarial edarasynyň müdiriniň orunbasary.