Arkadagym bilen özgerýär ýyllar

21 Aprel 2021
807

Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kemala getiren parahatçylyk söýüjilik häsiýeti bu günki günde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatyny bezeýär. Il arasynda «Parahatçylyk halk üçin iň uly baýlykdyr» diýen ajaýyp jümle bar. Ýurdumyzda ähli ösüşleriň gözbaşy parahatçylykdan başlanýar. Çünki, parahatçylygyň bar ýerinde ösüşem, özgerişem belentliklere göterilýär. Parahatçylygy pugtalandyrmak bolsa birek-birege ynanyşmaga bagly bolup durýar. Il agzybirligini, ýurt asudalygyny gazanmakda-da parahatçylygyň we ynanyşmagyň ähmiýeti uludyr.

Ynam we ynanyşmak adamlaryň arasyndaky gatnaşyklarda-da möhümdir welin, onuň döwletleriň arasyndaky we halkara gatnaşyklaryndaky ähmiýeti hem diýseň ýokarydyr. Adamlar birleşip halky, halk jemgyýeti, jemgyýet döwleti, döwletler bolsa öz aralaryndaky gatnaşyklary bilen dünýä syýasatyny emele getirýärler. Dünýä syýasatynyň dogry, dürs we netijeli amala aşyrylmagy üçin bolsa, ozaly bilen, döwletleriň hem-de halklaryň birek-birek bilen ynanyşmagy, Ýer ýüzünde parahat ýaşaýşyň berkarar edilmegi üçin tagallalaryny birleşdirmegi zerur bolup durýar.