Türkmeniň parahatçylyksöýüjilik ýörelgesi

21 Aprel 2021
877

Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy we onuň düzümleýin edaralary bilen özara hyzmatdaşlygy barha ýygjam häsiýete eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň bu abraýly halkara guramasynyň maslahatlarynda, mejlislerinde öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlary giň goldaw tapýar. Milletler Bileleşiginiň Gahryman Arkadagymyzyň teklibi esasynda 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda ýörite Kararnamany kabul etmegi-de ýurdumyzyň parahatçylyksöýüjilige, ynsanperwerlige ýugrulan daşary syýasat ugrunyň dünýä ýüzünde doly ykrar edilýändiginiň ýene bir aýdyň mysalydyr.

Şu möhüm resminamadan ugur alnyp, üstümizdäki ýyl biziň ýurdumyzda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edildi. Bu ýylda ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy, durnuklylygy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça täze başlangyçlar bilen çykyş edýär.

Toýmyrat PAŞŞIKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.