Bagtyýarlygyň buşlugy

21 Aprel 2021
837

Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 29-njy martynda Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek baradaky Karara gol çekdi. Ata-babalarymyzyň döwletlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerilip döredilen gazna Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary esasynda hormatly Prezidentimiziň adynyň dakylmagy bolsa bizi has-da begendirdi.

Milli Liderimiziň ýurdumyzy dolandyrmaga girişen ilkinji günlerinden ähli gowulyklary mazmunynda jemleýän Maksatnamalary ýaşaýyş-durmuşymyzy düýpli özgerdip ugrady. Halkymyzyň durmuşyndaky eşretleri köpeltmek, ýurdumyzyň ösüşini mundan buýana-da has çaltlandyrmak maksady bilen hormatly Prezidentimiz dolandyrmagyň kämil usullaryny saýlap alýar.Türkmenistan hormatly Prezidentimiziň bütin adamzady tolgundyrýan meseleleriň oňyn çözgütlerini salgy berýän başlangyçlary we teklipleri bilen dünýä möçberinde ynsanperwer döwlet hökmünde mynasyp orny eýeleýär.

Baýram TAGANOW,
«Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.