Abadanlaşdyryş işleri geçirildi

21 Aprel 2021
1062

Bilşimiz ýaly, geçen hepdäniň şenbe güni hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda ählihalk ýowary geçirildi. Milli Liderimiziň ýowarda baglara ideg işlerini geçirmegi uludan-kiçä görelde mekdebi boldy. Mary welaýatynda hem ählihalk ýowaryna edara-kärhanalaryň hünärmenleri, ýerli ýaşaýjylar uly ruhubelentlikde gatnaşdylar. Türkmen bedewiniň milli baýramynyň belleniljek ýerlerinde hem ýowar geçirildi. Baýramçylyk dabaralarynyň guraljak ýerleri arassalanyp, ýanaşyk ýerlerdäki baglara ideg edildi. Olara timar berlip, düýpleri ýumşadyldy. Baglaryň uzyn çybyklarynyň ujy çyrpylyp, artykmaç şahalary kesişdirildi. Täze agaç nahallary, güller oturdylyp, olaryň düýbi bejerildi. Bu işlerde ýaşlar aýratyn işjeňlik görkezip, ata-babalarymyzdan gelýän asylly ýörelgelere eýerýändiklerini görkezdiler.

Arassaçylyk adamda ruhubelentligi, şähdaçyklygy oýarýar, özüňi alyp barmagyň medeniýetini kemala getirýär. Ählihalk ýowaryna gatnaşyjylar baýramçylyk dabaralarynyň, bedew bäsleşikleriniň geçiriljek ýerlerini abadanlaşdyryp, baýrama ykjam taýýarlyk görmäge goşant goşdular.

Ýazgylyç SOPYÝEW,
Mary şäherindäki 14-nji orta mekdebiň müdiri.