Dünýä nusgalyk paýtagtymyz

20 Aprel 2021
855

Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, paýtagtymyz Aşgabadyň keşbi gün-günden özgerýär. Häzirki wagtda paýtagtymyzyň şähergurluşyk keşbi dünýä jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döredýär. Ak mermere beslenen ýaşaýyş jaýlary, edara-binalary, dürli ýadygärlikler — bularyň ählisi bir-birine ajaýyp sazlaşyp, özboluşly gözellik döredýär. Ýaşaýyş jaýlarynyň we edara-binalarynyň gurluşygynda häzirki zaman tehnologiýalaryň ulanylmagy, olaryň binagärlik keşbine aýratyn ähmiýet berilmegi has-da buýsandyrýar.

Akylly şäheri gurmak başlangyjy Gahryman Arkadagymyzyň şähergurluşyk ylhamynyň miwesidir. Şunda akylly şäheriň ýaşaýyş binalarynda ýaşajak raýatlaryň sanly ulgamyň hyzmatlaryndan peýdalanmaklary göz öňünde tutulýar. Paýtagtymyzyň häzirki zaman ýaşaýyş we edara-binalary bilen birlikde, türkmen myhmansöýerliginiň nyşany bolan ajaýyp ak mermer myhmanhana binalarynyň hem ösýändigini bellemeli. Häzirki wagta paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde güýçli depginde gurluşygy alnyp barylýan «Garagum» myhmanhanasy bu ugurda möhüm desgadygy bilen tapawutlanýar. Aşgabadyň Halkara howa menziliniň golaýynda ýerleşýän bu myhmanhanada paýtagtymyza gelen myhmanlaryň, işewürleriň, syýahatçylardyr jahankeşdeleriň medeniýetli dynç almagy bilen birlikde, ýurdumyzyň, halkymyzyň özboluşly aýratynlyklaryny görkezýän maglumatlary, däp-dessurlary bilen tanyşmaklaryna hem giň mümkinçilikler göz öňünde tutulandyr. Bu myhmanhananyň binalar toplumynyň daş görnüşiniň Garagumuň gum depelerine meňzedilip gurulýandygy aýratyn ünsüňi çekýär.

Şadyýar BABAMYRADOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.