Gülküli filmleriň ussady

20 Aprel 2021
1001

Her bir kinorežissýoryň film döretmekde özüne mahsus bolan döredijilik ýoly, häsiýetine görä saýlap alýan temasy, žanry, ugry bolýar. Olaryň käbiri drama žanryny özüne ýakyn saýsa, ýene biri komediýa žanryna ýykgyn edýär. Belli kinorežissýordyr aktýor, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri, komediýa žanrynda filmleri surata düşürmegiň ussady Muhammet Söýünhanow komediýa žanrynda filmi surata düşürmese-de, onuň drama žanrynda döreden filmlerinde hem gülküli sahnalardyr pursatlary görmek bolýar. Ol türkmen kino sungatynda hiç kimiňkä meňzemeýän täsin komediýalary döretdi.

Muhammet Söýünhanow 1936-njy ýylda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Duşak obasynda dünýä inýär. Giň sähraýy ýerde ýerleşen Duşak obasynyň adamlary, esasan maldarçylyk bilen meşgullanýar. Şonuň üçin oglunyň maldarçylyk ugrundan lukman bolmagyny arzuwlan kakasy Söýünhan aga Muhammedi orta mekdebi tamamlandan soň Aşgabatdaky Zooweterinariýa tehnikumyna okuwa ýollaýar. 1948-nji ýylyň 6-njy oktýabrynda Aşgabatda bolan ýertitremesi zerarly jaýlar weýran bolýar. Şondan soň Muhammediň okaýan tehnikumy Lebap welaýatynyň Kerki şäherine göçürilýär. Ol bu ýerde mal lukmany ugrundan bilim almagyny dowam etdirýär. Ol okuwdan boş wagt tapsa, Kerki şäheriniň Amyderýanyň kenarynda ýerleşýän dynç alyş medeni seýilgähindäki kinoteatra gidip, şol döwürde gaýta-gaýta görkezilýän «Tarzan», «Jenap — 420», «Sergezdan», «King-Kong» ýaly filmlere tomaşa edýär. Bu filmler ýaş ýetginjegiň aňyna ýiti täsir edýär. Ol «Türkmenfilmiň» önümlerini hem sypdyrman görýär. Şeýlelikde, Muhammet kino sungatyna bütin durky bilen maýyl bolýar. Onda şol filmlerdäki gahrymanlar ýaly keşpleri döretmek höwesi döreýär.

Begenç ESENOW,
žurnalist.