Türkmeniň saýrak bilbili

20 Aprel 2021
1236

Çagalykda gözüňde galan keşpler, gulagyňda ýaňlanan owazlar hemişelik galýan eken. Men heniz mekdep ýaşyna ýeten oglankam teleýaýlymda berilýän «Köne güzer» atly aýdym-sazly gepleşigi üns berip diňleýärdim. Halypalaryň ussatlyk bilen ýerine ýetirýän aýdymlary ýaş kalbymda medeniýete we sungata bolan höwesi artdyrdy. Şeýlelikde, ulaldygym saýy türkmen opera sungatyna bolan höwesim artyp başlady. Türkmenistanyň halk artistleri Maýa Kulyýewa, Annagül Annagulyýewa, Medeniýet Şahberdiýewa, Aýdogdy Gurbanow, Ata Ilamanow, Atageldi Garýagdyýew ýaly ussatlaryň aýdymlary ýaňlananda kalbym ganatlanardy. Ussat halypa Medeniýet Şahberdiýewa aýdym aýdanda bolsa, onuň belent owazy göýä bagtyň mukamy bolup türkmen sährasyny doldurýan ýalydy. Men şonda mähriban käbämden Medeniýet Şahberdiýewanyň aýdan aýdymlary barada soranymda ejem:

— Oglum, Medeniýet «Türkmeniň saýrak bilbili» adyna mynasyp bolan aýdymçydyr. Ol aýdym aýdanda, göýä erem bagynda şeýda bilbil nagma kakýan ýalydyr — diýerdi.

Seýitmuhammet SEÝITMUHAMMEDOW,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyby.