Binagärligiň ajaýyp nusgasy

20 Aprel 2021
660

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýy ýakynlaşdygy saýy geçen döwrüň içinde ýurdumyzyň binagärlik keşbiniň şeýle çalt depginde özgerendigine haýran galýarsyň. Halk agzybir bolanda, yhlas bilen ukyp birleşende, gör, nähili gözellikler döreýän eken. Munuň hut şeýledigine eziz Diýarymyzyň paýtagty — Aziýanyň göwher gaşy Aşgabadyň häzirki keşbi aýdyňlygy bilen şaýatlyk edýär. Baky Bitarap Türkmenistan sanlyja ýylyň içinde iň ajaýyp ösüşleri, umumadamzat bähbitli beýik işleri bilen dünýä taryhynda täze sahypany açdy. Aşgabatda gurlan binalaryň, desgalaryň we ýaşaýyş jaýlarynyň ak mermerden gurlup, dünýä gözellik paýlaýşy ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan syýasat hem dünýä parahatçylyk, ynanyşmak we dostluk nuruny paýlaýar.

Halkymyzyň gadymy döwürlerden gözbaş alýan dünýä belli binagärlik sungaty Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň giň göwrümli we aýdyň maksatly beýik başlangyçlary netijesinde has-da rowaçlanýar. Gahryman Arkadagymyzyň türkmeniň şöhratly geçmişini ylmy taýdan düýpli öwrenmek baradaky tabşyryklaryndan ugur alyp, türkmen alymlary taryhymyzyň gadymy gatlaryny, binagärlik sungatyny düýpli öwrenýärler. Halkymyzyň bina galdyrmak ýörelgesine laýyklykda paýtagtymyzda gurulýan binalar raýatlarymyzyň eşretli durmuşda bagtyýar ýaşamagyna gönükdirilýär. Täze gurulýan ýaşaýyş jaýlarynda maşgalalaryň bagtyýar ýaşamagy üçin zerur bolan şertleriň göz öňünde tutulmagy esasy wezipeleriň biridir.

Alparslan BAÝRAMOW,
Türkmen döwlet maliýe institutynyň mugallymy.