Ýaşlar alada bilen gurşalýar

20 Aprel 2021
832

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesinden ugur alnyp durmuşa geçirilýän beýik işlere mynasyp goşant goşmak ýurdumyzyň her bir raýaty bilen birlikde, ýaş nesil üçin hem mukaddes borçdur, belent wezipedir.

Gahryman Arkadagymyz ýaşlaryň beden we ruhy taýdan sagdyn, giň dünýägaraýyşly adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň 8-nji ýanwarynda geçiren sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» hem-de şol maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamagy hem muny aýdyň görkezdi. Döwlet syýasatynda ýaş nesillere berilýän goldawyň möhüm ugurlaryny özünde jemleýän bu maksatnama ýurdumyzda ýaşlaryň okamaklary, işlemekleri, döwrebap dynç almaklary, sport bilen meşgullanmaklary üçin giň şert-mümkinçilikleriň döredilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

Begenç GURBANOW,
Balkanabat şäher polisiýa bölüminiň polisiýanyň ýerli wekiller bölümçesiniň kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işi boýunça bölümçesiniň müdiri, polisiýanyň kapitany.