Watanyň hem döwrüň waspy

20 Aprel 2021
1144

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk, Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk seneleri mynasybetli Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň welaýat ilkinji guramasynyň müdirliginiň guramagynda «Watanyň hem döwrüň waspy» ady bilen bäsleşik geçirildi. Oňa şol jemgyýetiň agzalary bolan gelin-gyzlar gatnaşdylar. Olar toparlara bölünip, «Bereketli türkmen saçagy» atly kitapdan milli tagamlary, işdäaçarlary taýýarlamakda bäsleşdiler.

Bäsleşige gatnaşyjylar onuň şertine laýyklykda taýýarlan palaw, unaş, gutap ýaly milli tagamlary, «Bahar nagmasy», «Ýazyň ýaraşygy» ýaly işdäaçarlary bilen saçagy bezediler. Şeýle-de küşt depip, gazal aýdyp, eziz Watanymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen amala aşyrylýan beýik işleriň, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň, türkmen tebigatynyň gözellikleriniň, ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň waspyny ýetirdiler.

Nursoltan DEPBIÝEWA,
«Balkan».