Gadymy sungatyň dowamaty

19 Aprel 2021
1044

Golaýda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde «Dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşiniň bilelikde yglan eden bu bäsleşigi hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, halkymyzyň gadymy dutar ýasamak senetçiliginiň, milli aýdym-saz sungatynyň ösdürilýändiginiň alamatyna öwrüldi. Milli mirasymyzy bütin dünýä ýaýmak, onuň gadymylygyny, özboluşly aýratynlyklaryny öwrenmek, ýaş nesillerimizde medeni gymmatlyklarymyza söýgi döretmek, şeýle hem zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bäsleşige welaýat we Aşgabat şäher tapgyrlarynda ýeňiji bolan dutar ussalary, sazandalar we bagşylar gatnaşdylar. Dutar ýasamak ugrundan bäsleşige gatnaşýanlar öz senetleri, onuň inçe tilsimleri we dutaryň gurluşy hakynda gürrüň berdiler. Eminler olaryň ýasan dutarlaryny synlap, baha berdiler. Bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklykda, dutarda saz çalmak ugry boýunça bäsleşýän sazandalar halk sazlaryndan we mukamçy kompozitorlaryň döreden eserlerinden ajaýyp mukamlary, bagşyçylyk sungaty ugry boýunça bäsleşige gatnaşýan bagşylar halk aýdymlaryny we mukamçy kompozitorlaryň döreden aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Bäsleşigiň «Dutar ýasamak senetçiligi» ugry boýunça Görogly etrabyndaky 9-njy çagalar bagynyň aýdym-saz mugallymy Baky Rejepow ýeňiji diýlip yglan edildi. Şeýle hem dutar ýasamak ugry boýunça Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Goşahowly geňeşliginiň ýaşaýjysy Maksat Magtymow üstünlikli çykyş edendigi üçin sylaglanyldy.