Aşgabat — syýahatçylygyň şäheri

19 Aprel 2021
1043

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyny we Aşgabat şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyny ýokary derejede bellemäge uly taýýarlyk görülýär. Ýurdumyzyň her bir ulgamy bu şanly senelere mynasyp sowgatlary bilen barýarlar.

Golaýda Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň ýygnaklar zalynda Aşgabat şäherimiziň 140 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Aşgabat şäher häkimliginiň bilelikde guramaklarynda Bütindünýä syýahatçylyk şäherleriniň federasiýasy bilen Türkmenistanyň syýahatçylyk kärhanalarynyň arasynda «Aşgabat — syýahatçylygyň şäheri» atly wideoaragatnaşyk arkaly iş duşuşygy geçirildi. Onlaýn duşuşygynda Aşgabat şäherimiziň gözel görki, gurlup ulanylmaga berlen ähli amatlyklary bolan binalar we binalar toplumlarynyň keşbi, gözel tebigatymyz, ýurdumyzyň taryhy we häzirki zaman medeni-dynç alyş merkezleri, seýilgähler, halkymyzyň abadanlygy, her bir sebit we daşary ýurtly syýahatçylar üçin döredilýän mümkinçilikler, olaryň medeniýetli dynç almaklarynyň üpjünçiligi baradaky täsirli gürrüňler öz beýanyny tapdy.

Şaperi OTUZOWA,
öz habarçymyz.