Beýik ösüşleriň ýoly bilen

19 Aprel 2021
744

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe her bir günümiz ýatdan çykmajak şatlykly wakalara, toýdur baýramlara beslenýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2019 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasyna» laýyklykda, Diýarymyzda alnyp barylýan işler giň gerime eýe bolýar. Maksatnamany amala aşyrmagyň baş maksady ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş-ykdysady syýasatyň çäklerinde döwletimiziň ykdysadyýetiniň pudaklarynyň köpugurlylygyny gazanmak we olary innowasiýa häsiýetli ösüşe gönükdirmek, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokary derejelere ýetirmek üçin zerur bolan ykdysady, hukuk-guramaçylyk hem tehniki çözgütleri jemleýän ýörelgeleri, şeýle-de täze döwrebap önümçilikleri döretmekden ybaratdyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy, Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde hem durmuş maksatly desgalaryň, ýaşaýyş toplumlarynyň, edara binalarynyň gurlup ulanylmaga berilmegi halkymyzyň şatlygyny has hem artdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň ak pata bermegi bilen, golaýda, has takygy şu ýylyň 14-nji aprelinde paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň döwrebap binasynyň açylyp ulanylmaga berilmegi ýurdumyzyň bedew bady bilen ösüp, özgerip has-da öňe barýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Jeren ÝEGENOWA,
Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputaty, Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.