Berkararlygyň berkdir binýady

19 Aprel 2021
790

2021-nji ýylyň 14-nji marty ýurdumyzda Garaşsyzlyk ýyllarynda amala aşyrylýan syýasy özgertmeleriň täze tapgyryna girişenligi bilen taryhyň gatlaryna ýazyldy. Şol gün Aşgabadyň günorta böleginde emele gelýän täze işewürlik-dolandyryş merkezinde dabaraly ýagdaýda açylan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasynda Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki mejlisi geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine biragyzdan saýlanylmagy halkymyzyň rowaçlygyň ýoly bilen ynamly öňe alyp barýan milli Lideriniň töweregine mäkäm jebisleşendiginiň we Gahryman Arkadagymyza pugta ynamynyň aýdyň subutnamasy boldy. Mejlisde hormatly Prezidentimiz maksatnamalaýyn çykyş edip, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň öňünde duran anyk wezipeleri kesgitledi.

Gazetimiziň şu sanynda bu taryhy mejlise gatnaşanlaryň birnäçesine söz berýäris.