Gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen

19 Aprel 2021
831

Gahryman Arkadagymyz gurmagyň we döretmegiň ýoly bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy belent maksatlara tarap bedew bady bilen ynamly öňe alyp barýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy, mähriban halkymyzyň we tutuş adamzadyň abadançylygynyň hem-de bagtyýar geljeginiň hatyrasyna döretmek we gurmak babatdaky tutumly maksatlary netijesinde ata Watanymyz dünýäniň çalt depginler bilen ösýän ýurtlarynyň hataryna goşuldy. Oňyn Bitaraplyk, parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürmek we rowaçlandyrmak bilen, Bitarap döwletimiziň ýokary halkara abraýa eýe bolmagy, häzirki döwrüň ösen ykdysadyýetli ýurtlarynyň hataryna goşulmagy Garaşsyz ýurdumyzyň täze taryhyna müdimi giren ajaýyp üstünliklerimizdir. Paýtagtymyzda, welaýatlardyr etrap merkezlerimizde, obadyr şäherlerimizde medeni-durmuş maksatly binalaryň, saglygy goraýyş we sport desgalarynyň yzygiderli gurulmagy döwletimizde adam baradaky aladanyň ýokary derejede goýulýandygyndan habar berýär.

Eziz Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilen ýylda başy başlanylan we bitirilen işleriň sanawy-da ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň ýokarydygyna, sebitiň ýurtlary bilen dürli ugurlardaky gatnaşyklarymyzyň barha berkeýändigine şaýatlyk edýär. Olara mysal hökmünde ýylyň ilkinji aýynda türkmen gurluşykçylary tarapyndan gurlan Akina ― Andhoý demir ýolunyň (Owganystan), Ymamnazar (Türkmenistan) ― Akina (Owganystan) we Serhetabat (Türkmenistan) ― Turgundy (Owganystan) optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamynyň, Kerki (Türkmenistan) ― Şibirgan (Owganystan) elektrik geçirijisiniň we Malaýda ýokary kuwwatly gaz gysyjy desgasynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi, welaýatlaryň ählisinde gök-bakja önümlerini ösdürip ýetişdirmeklige niýetlenilen döwrebap ýyladyşhana toplumlarynyň birbada işe girizilmegi, iki palatadan ybarat bolan täze parlament ulgamynyň işine badalga berilmegi, şeýle-de Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisiniň geçirilmegi ýaly möhüm ähmiýetli wakalar ýurdumyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalary ýazdy. Munuň özi raýatlaryň abadan we bolelin durmuşda ýaşamaklaryna gönükdirilen durnukly ösüşiň üpjün edilmegi üçin giň mümkinçilikleri açýar.

Ruslan ÝAKUBOW,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.