Ösüşleriň mekany

18 Aprel 2021
744

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Watanymyzyň ykdysady kuwwaty barha artýar, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar. Bu ösüş-özgertmeleriň gözbaşynda Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň durandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän üstümizdäki ýylyň häzirki günlerinde ýurdumyzda bolup geçýän taryhy wakalar halkymyzyň watançylyk ruhuny belende göterýär. Ak mermerli paýtagtymyzda bir-birinden kaşaň, owadan binalaryň ulanylmaga berilmegi, güneşli Diýarymyzyň ähli künjeginde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygyna, baş şäherimiziň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygyna bagyşlanan baý many-mazmunly çäreleriň giň gerim bilen geçirilmegi bagtyýarlykdan nyşandyr. Elbetde, şeýle bagtyýar we eşretli durmuş mukaddes Garaşsyzlygymyz bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.

Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Mundan 30 ýyla golaý wagt ozal gazanylan ýurt Garaşsyzlygymyz — baky bagtyýarlygymyz, buýsanjymyz. Hormatly Prezidentimiz: «Diňe bir Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny saklap galmak däl, eýsem ýurdumyzyň we halkymyzyň abadançylygynyň bähbitleri üçin ýöredilýän döwlet syýasatynyň netijeliligini ep-esli artdyrmak biziň baş wezipämizdir» diýip bellemek bilen, bu gün halkymyzyň abadan, parahat, eşretli durmuşda ýaşamagy, Watanymyzyň halkara abraýyny arşa göterilmegi ugrunda beýik işleri durmuşa geçirýär. Geçen gysga taryhy döwrüň içinde berkarar Watanymyz düýpgöter özgerdi, ildeşlerimiziň ýaşaýyş-durmuş şertleri ýokarlandy. Häzirki wagtda bagtyýar ildeşlerimiziň nusgalyk obalarda, şäherçedir şäherlerde ýaşamagy we zähmet çekmegi hem munuň şeýlediginiň subutnamasydyr.

Maral GURBANOWA,
Tejen etrabynyň Altyn asyr şäher merkezi kitaphanasynyň müdiri.