Demokratiýany pugtalandyrmakda möhüm ädim

15 Aprel 2021
751

Halk Maslahaty Türkmenistanda taryhy taýdan ýola goýlan halk wekilçiliginiň görnüşi, hemişe ösdürilýän raýat jemgyýetiniň möhüm we aýrylmaz düzüm bölegi bolup durýar. Çünki halkymyz parasatly ata-babalarymyzyň gadymy ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de asylly däplerine eýerip, geçmiş asyrlardan bäri ýaşululara uly hormat-sarpa bilen garap, olaryň maslahatlaryna we pikirlerine hemişe ähmiýet berip geldi. Mähriban Arkadagymyz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Onuň gün tertibine guramaçylyk meseleleri girizildi. Hil taýdan täze, iki palataly ulgama geçilmegi döwlet häkimiýet edaralarynyň işiniň netijeliligini artdyrmaga, kanunlaryň hem-de milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilmegine gözegçiligi güýçlendirmäge gös-göni ýardam eder.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary Türkmen döwletiniň demokratik sütünlerini pugtalandyrmak işinde aýratyn möhüm, ähmiýetli ädim boldy. Bu barada Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň başlygy G. Myradow hasabat berdi.