Söz ussadynyň sarpasy

15 Aprel 2021
1670

Halkara ylmy-edebi jemgyýetçiligi türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemäge taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakyndaky» karary esasynda, 2024-nji ýylda akyldar şahyryň 300 ýyllygy uly dabara bilen belleniler.

Hormatly Prezidentimiziň şu kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasyna Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine degişli «Magtmguly portalyny» döretmek, şahyra degişli ahli maglumatlary özünde jemleýän sanly we neşir görnüşinde «Magtymguly Pyragy ensiklopediýasyny», sanly we neşir görnüşinde «Magtymguly Pyragy diwanyny», söz ussadynyň şygyrlarynyň daşary ýurt dillerine terjimesini sanly we neşir görnüşinde taýýarlamak tabşyryldy. Bu ylmy edaranyň öňünde Magtymgulynyň ömrüne we döredijiligine degişli ylmy işleri taýýarlamak we çap etmek, akyldar şahyryň edebi-ruhy mirasyny toplamak maksady bilen, Diýarymyzyň welaýatlaryna we daşary ýurtlara ylmy saparlary guramak, Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmek we wagyz etmek işlerini degişli halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda ýola goýmak meselesi goýuldy.

Nurnabat GUDBANGULYÝEWA,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat wemilli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri.