Agzybirlik üstünliklere badalga

15 Aprel 2021
824

Mälim bolşy ýaly, 14-nji aprelde hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda gözel paýtagtymyzda Halk Maslahatynyň Diwanynyň ajaýyp binasy açylyp, onda Milli Geňeşiň iki palatasynyň bilelikdäki birinji mejlisi geçirildi. Mejlisiň dowamynda Türkmenistan döwletimiziň gurluşynda täze kanun çykaryjy edara bolan Halk Maslahatynyň döredilmegi halkymyzyň göwün guşuny göge göterdi.

Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlyklygyna saýlanylmagy bolsa halkymyzda has-da uly ruhubelentlik duýgusyny döretdi. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň tagallalary, döwletli çözgütleri bilen belent-belent derejelere, guwandyryjy ösüşlere ýetilýändigi hemmämize aýan hakykatdyr.

Mekan HOJAGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabat şäheri boýunça müdirliginiň harby gullukçysy maýor.