Gözelligiňe älem haýran, Aşgabat!

15 Aprel 2021
1003

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli sebitlerinde maksatnamalaýyn özgertmeler durmuşa geçirilip, raýatlarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak maksady bilen ägirt uly işler amala aşyrylýar. Döwlet Baştutanymyzyň: «Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe paýtagtymyzda bina edilýän täze önümçilik, medeni-durmuş, ylym-bilim, saglyk we sport desgalary, belent ýaşaýyş jaýlary diňe bir ak şäherimiziň görküne görk goşmak bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň gowulanmagynda, halkymyza edilýän durmuş hyzmatlarynyň giň gerimli, ýokary hilli bolmagynda hem möhüm orna eýedir» diýip, bellemegi durmuşa geçirilýän işlerde aýdyň beýanyny tapýar.

Paýtagt — ýurduň ýüzi, paýtagt — ýurduň ýüregi. Döwletiň ösüşi, ruhy-medeni galkynyşy paýtagtyň keşbinde aýdyň görünýär. Döwlet Baştutanymyzyň Aşgabady uzakmöhletleýin ösdürmegiň strategik meselelerine aýratyn üns bermegi onuň çäk mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmaga, raýatlaryň has oňaýly ýaşamaklary we dynç almaklary üçin zerur şertleri döretmäge, ekologiýa deňagramlylygyny saklamaga gönükdirilendir. Şäher gurşawynyň şertleriniň ýaşaýyş üçin amatly bolmagy, onda önümçiligiň dürli görnüşleriniň guralmagy şahsyýetiň köpugurly durmuş işjeňligine giň mümkinçilikleri döredýär.

Gülbahar ANNAMYRADOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň assistenti.