Aziýanyň merjeni

15 Aprel 2021
863

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk-binagärlik maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň netijesinde häzirki zaman hem-de milli binagärlik aýratynlyklaryny özünde jemleýän ajaýyp keşpli desgalar, ýokary öndürijilikli kärhanalar, sport we medeni merkezler bina edilip, bilim-ylym edaralary, ähli amatlyklary bolan kaşaň ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheriniň dünýäde «Aziýanyň merjeni» adyna mynasyp bolmagy biziň her birimizi buýsandyrýar, guwandyrýar.

Toýlary toýa ulaşyp, şöhrat-şany alyslara ýaýylýan ýurdumyzyň paýtagty Aşgabat şäheri bu gün iri halkara derejedäki syýasy-ykdysady forumlaryňdyr maslahatlaryň, medeni, sport çäreleriniň we ylmy konferensiýalaryň geçirilýän merkezine öwrüldi. Gözel paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň 140 ýyllygynyň belleniljek «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda baş şäherimizde Welotrek boýunça dünýä çempionatynyň we Dewisiň Kubogy ugrundaky halkara ýaryşyň saýlama tapgyrynyň geçirilmeginiň meýilleşdirilmegi hem Watanymyzyň sport ýaryşlaryny ýokary derejede geçirýän ýurt hökmünde uly abraýa eýedigine şaýatlyk edýär.

Şamuhammet SEÝIDOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.