Täze oýun sahnada

14 Aprel 2021
1041

Ýakynda welaýat döwlet drama teatrynda dramaturg Batyr Batyrowyň «Yşkymyň ykrary sen» atly pýesasy esasynda režissýor Hydyr Hydyrowyň sahnalaşdyran spektaklynyň ilkinji görkezilişi boldy.

Zähmetsöýer ýaşlaryň durmuşyndan söhbet açýan bu sahna eseriniň esasy many-mazmun özeni durmuşa söýgi we ruhubelentlik bilen garamak düşünjesine ýugrulan. Eseriň wakalary Bagty atly ýaş hünärmen gyzyň (keşbi ýerine ýetiren Jahan Arazmämmedowa) gurluşyk kärhanasyna işe gelmegi bilen başlanýar. Zähmetsöýerligi, erjelligi bilen işdeşlerinden tapawutlanýan gyz köpleriň «berekellasyna» mynasyp bolýar. Bagta kärhananyň ýolbaşçysy, ýaş ýigit Suhanyň (keşbi ýerine ýetiren Rejep Nazgurbanow) hem syny oturýar. Onuň keşbinde türkmen ýigidine mahsus häsiýetler jemlenendir. Suhanyň gyza bolan belent söýgüsi ynandyryjy beýan edilýär. Bagta ýaltalygyň, göripligiň däl-de, halal zähmetiň, ak ýürekliligiň, ýagşy niýetliligiň üsti bilen ýetip bolýandygy barada aýdylýan sözler, nygtalýan çuňňur manyly pikirler spektaklyň terbiýeçilik ähmiýetini has-da artdyrýar.

Gülnabat ANNATAGANOWA.
Surata düşüren Andreý Pakulow, «Balkan».