Ak şuglasy — ak bagtym

14 Aprel 2021
1145

Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň paýtagty Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli uludan tutuljak toýa ýokary derejede taýýarlyk görülýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda bu baýramlara görülýän taýýarlyk, şeýle hem, ýurdumyzda gazanylýan ösüş-özgerişler şanly Garaşsyzlygymyzyň many-mazmunyny aýdyň görkezýär.

Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiz, hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan beýik işleriniň netijesinde bedew bady bilen öňe barýar. Türkmenistan döwletimiz häzirki ajaýyp döwrümizde dünýäde we sebitde alyp barýan diplomatik ýörelgelerini, esasan, üç ugur, ýagny ekologiýa, energetika we ulag-üstaşyr diplomatiýalary boýunça kesgitledi. Hormatly Prezidentimiziň daşary hem içeri syýasatdaky bu parasatly ýörelgeleri halkymyza ýurdumyzyň gülläp ösüşiniň miwelerini eçildi, mukaddes Garaşsyzlygy tug edinen türkmen döwletiniň dünýä ýüzündäki şan-şöhratyny belende göterdi.

Ýagty GURBANOWA,
Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň Suw gözegçilik gullugynyň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy.