Uz basyşly, gyz gylykly

14 Aprel 2021
988

Gözelligi, syraty, ýyndamlygy, häsiýeti bilen görenleri haýran galdyrýan bedewlerimiz halkymyzyň tutanýerli zähmeti, bilimi, söýgüsi, yhlasy netijesinde häzirki günlerimize gelip ýeten bahasyz gymmatlykdyr. Ahalteke bedewiniň dünýädäki şan-şöhratyny artdyrmak, olary gorap saklamak ugrunda Gahryman Arkadagymyz beýik işleri durmuşa ornaşdyrýar. Häzirki wagtda bedew ýurdumyzyň gazanýan ägirt uly üstünlikleriniň şöhlelenmesi bolup kalplara dolýar.

Hormatly Prezidentimiziň nygtaýşy ýaly, asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlary gurlup, ulanylmaga berildi.

Maral ORAZOWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.