Ygrarlylyk zandyndadyr türkmeniň

14 Aprel 2021
992

Gahryman Arkadagymyzyň döredijiliginde «parahatçylyk» we «ynam» sözleri örän uly orny eýeleýär. Muny biz hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasyndan dörän «Döwlet guşy» we «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» eserlerinde aýdyň görýäris. Milli Liderimiziň «Döwlet guşy» romanynyň bölümleriniň «Ynam — güýç», «Ynam — söýgi» we «Ynam — ganat» diýlip atlandyrylmagy hem her bir zadyň düýp özeninde beýik ynamyň durýandygyny görkezýär. Eserdäki: «Ynam — ynsana güýç berip duran gudrat ahyry!» diýen jümle bolsa her bir okyjynyň etjek işine, durmuşda öz ornuny tapmagyna uly ynamy döredýär.

Parahatçylyk we ynanyşmak adamzat üçin iň zerur düşünjelerdir. Häzirki wagtda biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly bu ýörelgeler hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertine öwrülýär. Dünýäniň ähli halklary üçin ählumumy howpsuzlyk hem-de abadançylyk, ösüş we ynsanperwerlik, ruhy kämillik we dostluk — bularyň ählisi Bitarap daşary syýasat derejesine eýe bolan Garaşsyz döwletiň Baştutanynyň öňe süren taglymatynda öz beýanyny tapdy. Häzirkizaman halkara gatnaşyklarynda özara düşünişmek we ynanyşmak ugruny saýlap alan döwletimiziň dünýä arenasyndaky abraý-mertebesi hem Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden ugur alýan taglymatyň esasynda kemal tapýar.

Mars ALLAKOW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.