Buýsanjym — ak paýtagtym

12 Aprel 2021
1105

Gahryman Arkadagymyz mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň we Aşgabat şäheriniň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň ýatda galyjy wakalara beslenýän «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgäni dowam edip, halkymyz baradaky alada ýugrulan beýik işleri durmuşa geçirýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan bu taryhy işleriň netijesinde ak mermerli paýtagtymyz dünýäniň iň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän şäherleriniň biri hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.

Bu gün paýtagtymyzyň çäkleri giňeldilýär, adamlaryň ýokary durmuş şertlerini üpjün etmek maksady bilen, täze orta, orta hünär we ýokary okuw mekdepleridir çagalar baglarynyň, muzeýleriň, hassahanalaryň, sport desgalarydyr söwda merkezleriniň, ýaşaýyş jaýlarynyň we beýleki medeni-durmuş maksatly binalaryň gurluşygy giň gerimde alnyp barylýar. Bu döwrebap binagärlik toplumlarydyr beýleki dürli desgalar türkmen paýtagtynyň görküne görk goşýar.

Ussa USSAÝEW,
«Nebit-gaz» gazetiniň baş redaktory.