Asyrlara ýörelge — nesillere görelde

12 Aprel 2021
952

Milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň esasyny düzýän türkmeniň milli tans hem-de folklor toparlarynyň çykyşlaryna tomaşa edeniňde, olaryň kämillik derejesine ýetendigi aýdyň şöhlelenýär. Şu ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip, yglan edilmegi medeniýet we sungat işgärlerini hem has-da joşgunly zähmet çekmäge ruhlandyrdy. Serhetabat etrabynyň Çemenabat geňeşliginde ýerleşýän Çemenabat oba medeniýet öýünde hereket edýän “Çemenabat” folklor topary hem giňden tanalýar. Folklor toparyna guramaçy, çärýek asyra golaý wagtdan bäri işläp gelýän Merdan Osmanow ýolbaşçylyk edýär.

— Maksadymyz — halkymyza medeniýetli hyzmat etmek, oba adamlarynyň arasyndan zehinli ýaşlary saýlap almakda geňeşimizde ýerleşýän 3-nji orta mekdep bilen ýakyn aragatnaşyk saklaýarys. Arkadag Prezidentimiziň halkyna peşgeş beren “Türkmen medeniýeti”, “Ile döwlet geler bolsa”, “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” we beýleki ajaýyp eserleri biz — medeniýet işgärleri üçin mekdep hem ýol görkeziji şamçyrag bolup durýar.