Saz bilen sazlaşan ömür

12 Aprel 2021
1127

Halypa diýlende, diňe öz hünär ussatlygy däl, eýsem, durmuş tejribesi bilen hem hemişe dogry ýol görkezýän, mydama nusga, görelde bolýan, öz şägirtlerine, biz — ýaşlara uly ynam bildirýän adam göz öňüňe gelýär. Şeýle halypalaryň biri-de Türkmenistanyň halk artisti, Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň eýesi Rejep Rejebowdyr. Dogrusy, bu gün ol barada geçen zaman bilen bagly gürrüň hem edesiň gelenok. Ol mydama ýanymyzda, biziň edýän işlerimize gapdalymyzdan seredip duran ýaly duýulýar. Özüniň diňe bir aýdym-sazlary bilen saz muşdaklaryny bendi etmän, eýsem, belent adamkärçiligi bilen nusga bolan halypa hakda ony gören adamlar, bile işleşen egindeşleri, şägirtleri diýseň gyzykly, täsirli zatlary gürrüň berýärler. Ol, hakykatdan-da, sazy ýaly mähremdi. Onuň, aýdylyşy ýaly, hatda garynjany hem ynjytmadyk adam bolandygyny döreden sazlaryny diňläniňde hem bilmek, duýmak bolýar.

Talyp döwrümizde halypa bilen söhbetdeş bolanymyzda, saz sungaty bilen bagly berýän gürrüňleri bizi haýrana goýýardy. Ol S.Prokofýew, F.Şalýapin, I.Dunaýewskiý ýaly saz ägirtleri hakda uly höwes bilen söhbet ederdi. Rejep aga Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasynda halypa kompozitor Nury Halmämmedow bilen bile okapdyr.

Hanguly ÖWEZOW,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň mugallymy.