Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli «Nesil» gazetiniň redaksiýasy we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan ýurdumyzyň döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlarynyň arasynda geçiriljek «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşiginiň DÜZGÜNNAMASY

9 Aprel 2021
1152

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň belent üstünliklerine beslenýär. Gahryman Arkadagymyz halkymyzyň eşretli, bolelin, asuda durmuşda ýaşamagy we ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli edep gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işleri durmuşa geçirýär.

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara derejesindäki abraý-mertebesi barha belende galýar. Goňşy we dünýä döwletleri bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklar giň gerimde ösdürilýär.