Watan hakda söz açsaň...

9 Aprel 2021
1130

Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti Döwrangeldi Agalyýewiň «Watan jandan ileri» atly pýesasy esasynda goýlan adybir sahna oýny hakda söhbet

Uzak garaşdyran arakesmeden soň, bu gün teatryň tomaşaçylary ýetikdi. Edil şu pursat teatr bilen tomaşaçylaryň arasynda bitewi bir sazlaşyk döräpdi. Bu ýere ýygnanan sungat muşdaklary ömürboýy Watan didaryny küýsäp, bütin ömrüne Watan zaryny çekip ýaşan zenanyň ykbaly hakyndaky oýna tomaşa edýärdiler. Bu ýere gelenler edil dil birikdiren ýaly, birde ellerini eňeklerine diräp, birde dyzlaryna urup, birde başlaryny ýaýkap... özlerinden biygtyýar oýundaky wakalar bilen ýaşaýardylar. «Watan-ow, Watan!» diýip döken gözýaşlaryndan ýaňa gözleri sokur bolan garry enäniň halyna gynanyp, owasyndan biygtyýar syrygýan gözýaşlaryny sylýanlar-da az däldi. Hamala, olara näbelli güýç perman berip duran ýalydy. Ol güýç täze eseri döredijileriň birleşen tagallasynyň miwesidi.

Mahym ROZYÝEWA,
žurnalist.