Sungatyň terjimeçisi

9 Aprel 2021
1100

Sungaty öwrenijileriň sungat eserlerini görüşleri-de üýtgeşik bolýar. Umuman, bu olaryň dünýäsiniň, dünýägaraýşynyň giňligi üçin şeýle. Sebäbi sungaty öwrenijiler hemişe sungaty öwrenýändikleri üçin olaryň nazaryýeti ideallygy bilen tapawutlanýar.

Sungaty öwreniji — sungat eseri bilen tomaşaçynyň arasyndaky dilmaç, mahlasy, sungatyň terjimeçisi. Şonuň üçin olaryň sungat hakyndaky gürrüňlerem başgaça — manyly, maňyzly. Biz şeýle sungaty öwrenijileriň biriniň döredijiligi hakynda söhbet açmagy müwessa bildik. Çünki onuň gürrüňleriniň gyzykly bolşy deýin, döredijilik ýoly-da gyzykly.

Guwanç MÄMIÝEW,
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçysy.