Aşgabat — beýik özgertmeleriň kerwenbaşysy

9 Aprel 2021
914

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda Diýarymyzda, şeýle hem Aşgabat şäherinde birnäçe uly gurluşyklar üstünlikli alnyp barylýar. Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli özgertmek maksady bilen ýokary amatlyklary bolan birnäçe ýaşaýyş toplumlary ulanylmaga berildi. Olardan 11, 12, 13, 14, 15, 16-njy tapgyrlarda gurlan ýaşaýyş toplumlaryny, Parahat 7, Köşi, Gurtly we Çoganly ýaşaýyş toplumlaryny, Büzmeýin etrabyndaky ýaşaýyş toplumyny, Bagtyýarlyk etrabynyň «Täze zaman» ýaşaýyş toplumyny bu günki gün buýsanç bilen bellemek has-da ýakymlydyr. Bu toplumlarda diňe bir ýaşaýyş jaýlary gurulman, ol ýerde körpeler üçin döwrebap çagalar bagy, mekdep okuwçylary üçin ösen tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan orta mekdepler, şeýle hem ýaşaýjylara ýokary hilli hyzmat etmek üçin dükanlar we beýleki hyzmat öýleri guruldy. Olaryň töwereklerinde dürli baglaryň ekilmegi, ýollaryň dünýä ülňülerine laýyklykda gurulmagy ýaşaýjylaryň medeniýetli dynç almagy üçin doly şert döredi. Şol ýaşaýyş toplumlarynyň ak mermer bilen bezelmegi we yşyklandyrmak üçin ýokary hilli enjamlar bilen enjamlaşdyrylmagy paýtagtymyzda özboluşly gözellik döredýär. «Täze zaman» ýaşaýyş toplumynda bir we iki gatly kottej jaýlaryň 1152-si, 600 orunlyk orta mekdep, 160 orunlyk iki sany çagalar bagy, saglyk öýi, azyk harytlar dükany häzirki wagtda ýaşaýjylara ýokary hilli hyzmat edýär.

Ýaşaýyş jaýlar bilen bir hatarda, paýtagtymyzda dürli maksatly binalardyr desgalar toplumy hem gurlup ulanmaga berildi. Olardan ýokary we orta okuw mekdepleri, birnäçe medeni maksatly binalar, sport desgalary, seýilgähler, halkara howa menzili, işewürlik edara binalar toplumy, özünde ähli zerurlyklary bolan, dünýäniň ösen tehnologiýasy bilen enjamlaşdyrylan Olimpiýa şäherçesini agzamak örän buýsançlydyr.

Agamyrat SAPAROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň uly mugallymy.