Ak ýollaryň altyn halkasy

8 Aprel 2021
886

XX asyryň başynda Aşgabat diňe bir Orta Aziýanyň merkezi şäherleriniň biri hökmünde meşhur bolman, eýsem, günbatarlylar üçin täsinliklere beslenýän Gündogaryň altyn gapylaryny açýar. Yklymlaryň arasynda ysnyşykly gatnaşyklary we gülläp ösüşi üpjün edýän kuwwatly güýje öwrülýär. Aşgabat diňe bir Türkmenabat bilen Hazar deňziniň kenaryny birikdiriji polat ýolunyň merkezinde ýerleşmän, eýsem, onuň goňşy Eýran döwletiniň Horasan welaýatyna, şeýle hem Hywa we Buhara şäherlerine sary rowan bolýan kerwen ýollarynyň çatrygy hökmünde söwda-ykdysady we medeni gatnaşyklardaky orny has-da ýokarlanýar. Şäheriň bazarlarynda ýerli ilat tarapyndan öndürilen gymmatbaha ýüpek matalaryň, halynyň, şaý-sepleriň, milli saz gurallarynyň, arassa ýüňüň, dürli ir-iýmişleriň gyzgalaňly söwdasy alnyp barylýar. Azerbaýjan, eýran, ermeni we rus täjirleri Aşgabadyň bazarlarynda düýe ýüňünden öndürilen egin-eşikleriň, at esbaplarynyň, haly, kilim, keçe we zergärçilik önümleriniň esasy hyrydary bolupdyrlar. Ýerli bazarlarda rus patyşalygynda öndürilen metala, agaç gap-gaçlaryna, çit matasyna, gaýça, dürli ölçegdäki iňňelere we iňňebagjyklara ýokary isleg bildirilipdir.

1882-nji ýylda Köpetdagyň gerişleriniň üsti bilen Ashabatdan Goçanda çekilen ýol Eýranyň Russiýa bilen söwda dolanyşygyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa Ashabadyň telekeçileriň, senagatçylaryň, binagärleriň hem ylmy adamlaryň şäherine öwrülmegine güýçli täsir edýär.

Aknabat GYLYJOWA,
«Türkmenistan: Altyn asyr» teleradioýaýlymynyň bölüm müdiri.